• tk
  • en
  • ru
  • Biz barada

    Hormatly Prezidentimiziň parasatly döwlet ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ulaglar pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar. Ýurdumyzda awtoulag hyzmatlaryna barha artýan islegleri kanagatlandyrmak we ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolan ulag serişdeleriniň sürüjilerini taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak işini halkara talaplaryna laýyklykda has-da kämilleşdirmek boýunça hem edilýän gündelik aladalar öz oňyn netijelerini berýär. Muňa “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň Aşgabat-Daşoguz awtomobil ýolunyň ugrunda ýerleşýän, umumy tutýan meýdany 100380m2 barabar bolan Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň edara binasynyň, häzirkizaman elektron enjamlary bilen enjamlaşdyrylan awtotürgenleşik meýdançasynyň, 52 sany awtoulagy özünde ýerleşdirmäge mümkinçiligi bolan ýapyk görnüşli bassyrmalaryň, awtoulaglara hyzmat edmäge niýetlenen tehniki binalaryň gurlup berilmegi gönüden-göni mysal bolup biler. 
                Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň agzalary bilen geçiren wideo görnüşli iş maslahatynyň dowamynda “Awtoulag serişdeleriniň sürüjilerini taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak hakynda Düzgünnamany tassyklamak barada” karar kabul edildi. Bu Düzgünnama sürüjileri taýýarlamagyň häzirkizaman talaplaryndan gelip çykyp, geljekde ulaglar ulgamynda iň ilkinji gözbaş hasaplanýan sürüjileri taýýarlamagy kämilleşdirmekde ähmiýetli we ýol görkeziji gollanma hasaplanýar.  
                “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň Awtomobil mekdepleriniň birleşiginde ulag serişdeleriniň sürüjilerini taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak işi nazaryýet, barlag-amaly okuwlaryndan, ulag serişdelerini sürmegi iş ýüzünde öwretmekden we okuwlaryň jemleri boýunça synaglary almakdan ybarat bolup durýar. Nazaryýet we barlag-amaly okuwlar Birleşigiň edara binasyndaky 14 sany okuw otaglarynda, ulag serişdelerini dolandyrmak, testleşdirme geçirmek üçin niýetlenen hem-de elektron enjamlar bilen enjamlaşdyrylan desgalarynda, şeýle hem ulag trenažorlarynda, ussahanalarynda, sanly ulgam bilen enjamlaşdyrylan okuw ulaglarynda geçirilýär. Ulag serişdelerini sürmegi iş ýüzünde öwretmek boýunça okuw sapaklary ilkibaşda awtotürgenleşik meýdançalarynda, soňra ulag serişdelerini dolandyrmak ukybyny özleşdirmek we has-da kämilleşdirmek üçin hereketiň ýok we ilatly ýeriň çäginden daşda ýa-da ilatly  ýerlerde hereketiň az bolan ýerlerinde Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Ýol gözegçiligi gullugy bilen deslapdan ylalaşylan ugurlarynda okuw ulaglarynda dowam etdirilýär. Ulag serişdeleriniň sürüjilerini taýýarlamagyň we gaýtadan taýýarlamagyň okuw meýilnamalaryna we maksatnamalaryna laýyklykda doly möçberde taýýarlanan we gaýtadan taýýarlanan diňleýjiler awtomobil mekdebinde synagdan geçirilýär we olara synag toparynyň teswirnamasy esasynda ulag serişdeleriniň sürüjilerini taýýarlamagyň we gaýtadan taýýarlamagyň degişli okuw meýilnamalary we maksatnamalary boýunça okuwy tamamlandygy barada bellenen nusgadaky şahadatnama berilýär. 
                Önümçiligiň ähli pudaklarynda zähmet çekýän sürüjileriň hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin okatmak işi hem Awtomobil mekdepleri tarapyndan amala aşyrylýar. Hünär derejesini ýokarlandyrmak degişli ulag serişdelerini dolandyrmaga hukugy bolan (“A”, “B”, “C”, “D”, “E” toparlar) sürüjileriň hataryndan toplanyp, degişli maksatnamalara we meýilnamalara laýyklykda alnyp barylýar. Ulag serişdeleriniň sürüjilerine sürüjiniň hünär derejesini bermek üçin olaryň işleýän edaralary öz serişdeleriniň hasabyna olary awtomobil mekdeplerine hünärlerini kämilleşdirmek boýunça okuwlara iberýärler. Sürüjiniň hünär derejeleri üçünji, ikinji we birinji derejelerden ybarat bolup, onuň iň ýokary derejesi – birinji derejedir. Eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, sürüjiniň işleýän edarasynda sürüjiniň aýlyk zähmet hakyna onuň Sürüjiniň hünär derejesi hakynda şahadatnamasynyň esasynda (onuň şol edara ýa-da sürüjiniň öňki işlän edaralary tarapyndan berlendigine garamazdan) ikinji dereje üçin – aýlyk zähmet hakynyň 10 göterimi, birinji dereje üçin – aýlyk zähmet hakynyň 25 göterimi möçberinde goşmaça hak tölenýär.  
                Mundan başga-da, awtomobil mekdepleriniň birleşigi ýurdumyzyň çäginde we halkara ýollarda howply ýükleri daşamak boýunça göz öňüne tutulan kadalary sürüjilere öwretmek boýunça köp işleri alyp barýar. Bu ugur boýunça hem hünär okuwlary bilim meýilnamasynyň çäklerinde amala aşyrylýar. Meýilnamanyň durmuşa geçirilmeginiň maksady – sürüjileriň bilimini, başarnyklaryny we ukyplaryny edinmeginden we ýurdumyzyň kanunçylygyna laýyklykda, howply ýükleri Türkmenistanyň çäginde we halkara ýollarda daşamagy amala aşyrýan sürüjiniň hünär işi üçin zerur bolan ygtyýarlyklaryny ýüze çykarmakdan ybarat bolup durýar. Bu maksat bilen Birleşik nazary we amaly sapaklary geçirip, okaýanlaryň bilim maksatnamasyny özleşdirme derejesine we ýagdaýyna baha bermek üçin jemleýji hünär synagyny gurnaýar we synagdan geçenleri ygtyýarlandyrmak üçin degişli tertipde resminama bilen üpjün edýär.