• tk
  • en
  • ru
  • «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Awtomobil mekdepleriniň birleşigi ulag dolandyrylýan mahalynda telefonlary ulanmagyň howpludygyny duýdurýar

    Ykjam telefonlaryň we smartfonlaryň, şeýle-de beýleki ykjam enjamlaryň giňden köpçülikleýin ulanylyp başlanmagy bilen, olaryň sürüjilere awtoulagy dolandyrýan wagty hem-de pyýadalara zyýanly täsir etmegi bilen bagly meseleler ýüze çykdy.

    Ýer ýüzünde soňky 5 ýylyň dowamynda ulag dolandyrylýan mahalynda telefon ulanylmagy netijesinde dörän ýol ulag heläkçilikleriniň sany görnetin derejede artdy. Muňa mysal edip, bilermenleriň belleýşi ýaly, sürüjiniň telefon ulanýan wagty onuň ünsüniň täsirliligiтшх 3 sekunt peselýändigini, bu wagtda bolsa ulagyň ortaça 49,5 metr aralygy geçýändigini bellemek bolar. Bu ýagdaýda dolandyryş üýtgeýär we sürüjiler traýektoriýada we hereket tizliginde ulagyň gyşarmagyna ýol berýärler, bu bolsa ulagyň garşylyklaýyn zolaga çykmagyna sebäp bolýar.

    Russiýanyň PÝGG-niň maglumatlaryna laýyklykda, erkekleriň 77%-iniň, zenanlaryň bolsa 55%-iniň telefon ulanan mahallary iň bolmanda bir gezek ýol ulag hadysasyna ýakyn gelendigi bellenilýär.

    «Bu ýagdaý köp sanly ýurtlarda möhüm mesele bolup durýar» – diýip, «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň hünärmeni aýdýar. Sürüjileriň ulag dolandyrýan mahaly diňe bir telefonda gepleşýänine däl, eýsem, öz ykjam enjamlarynda olaryň wideo görýän wagtlaryna ýa-da SMS habarnamasy bilen güýmenýän, şeýle-de surata düşürýän wagtyna az gabat gelinmeýär. Bu bolsa ýol ulag hadysasynyň ýüze çykmagyna getirýär.

    Hut şol sebäpdenem, ilkinji nobatda, sürüjiniň bu howp barada habardar bolmagyna täsiriňi ýetirmek, diňe bir olar bilen däl, eýsem eli telefonly ýoldan geçýän çagalar we uly ýaşly pyýadalar bilen hem söhbetdeşlikleri, türgenleşikleri geçirmek zerurdyr.

    Bu mesele bilen nädip göreşmeli?

    2020-nji ýylda Moskwanyň ýollarynda ulag sürülende ykjam enjamlaryň ulanylyşyna gözegçilik edýän kameralar peýda bolup başlady. Düzgün bozulma neýroaragatnaşyk hem-de Big Data arkaly tanalýar, soňra kamera surata düşürýär we gaýtadan işlemek üçin iberýär. 2021-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlary aralygynda bu toplumlar ulag dolandyrylan mahalyndaky 3,5 müňden gowrak söhbetdeşlik faktlaryny ýazga aldy. Şeýle düzgün bozulma üçin bellenen jerime bardyr.

    Ýol hereketi bilen bagly sowatlylygy ýokarlandyrmak, bu ugurdaky hukuklary we borçlary bilmek üçin sürüjiler Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň Türkmenistanda ýol hereketiniň bozulmagy üçin jerime salýan ýatlatmasyny öwrenmelidirler. Mundan başga-da, onuň degişli 213-nji maddasynda ulag dolandyrýan şahsyň üns bölýän zatlar bilen meşgullanmagy üçin (telefonda gepleşmek, sesini belentden goýup audio-wideoenjamlary diňlemek we ş.m) 100 manat jerime salynýandygy bellenilýär.

    Sürüjileriň ulag dolandyrýan mahaly goýberip biljek howply ýalňyşlyklary:

    • Telefonyň sesini ýokarlandyrýan režimiň ulanylmagy;
    • SMS habarnamasyny ýazmak we okamak;
    • Smartfondaky nawigator ulgamynyň berkidijä birikdirilmezden ulanylmagy.

    Şol sebäpdenem awtoulag dolandyrylýan mahaly ýa-da ýoldan ýöräp geçilende telefonda gepleşmekden, nauşnikde aýdym diňlemekden saklanmalydyr, sebäbi bu ýol ulag hadysasynyň ýüze çykmagyna sebäp bolup bilýär.

    Meňzeş habarlar