• tk
  • en
  • ru
  • «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Awtomobil mekdepleriň birleşigi howpsuzlyk kemerlerini ulanmagyň düzgünleri bilen tanyşmaga çagyrýar

    Geçirilen barlaglaryň netijelerine görä, her günde ýol ulag heläkçilikleri zerarly Ýer ýüzüniň 3,5 müň adamsy aradan çykýar. Statistik maglumatlar we bilermenleriň pikirleri ýol ulag heläkçilikleriniň 80%-i ýolagçylaryň howpsuzlyk düzgünlerini we kemerleri dakynmak çärelerini berjaý etmezligi sebäpli ýüze çykýandygyny görkezýär.

    Bu ýagdaý bilen baglylykda, Türkmenistanyň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Awtomobil mekdepleriň birleşiginiň hünärmeni has ýerlikli maslahatyny ýetirýär:

    — «Howpsuzlyk kemeri — her bir sürüjiniň ulagy howpsuz dolandyrmak babatda gözden salýan esasy zatlarynyň biridir. Türkmenistanyň Ýol hereketiniň howpsuzlyk düzgünlerine laýyklykda, ulagy dolandyrýan her bir sürüjiniň howpsuzlyk kemeri dakylan bolmalydyr hem-de howpsuzlyk kemerini dakmadyk sürüjileri ulagda daşamaly däldir. Bu diňe bir sürüjä we onuň ýanynda oturan ýolagça däl-de, eýsem ulagyň yzynda oturan ýolagçylara hem degişli düzgündir. Çünki köplenç halatda ýol ulag ýagdaýynyň ýüze çykmagynda howpsuzlyk kemeri adamlaryň saglygynyň üpjün edilmegine ýardam edýär. Ulagyň 80 km/sag tizlik bilen dolandyrylan mahaly adamyň agramynyň hem artmagy bilen, tizlik bilen birlikde heläkçilige sezewar bolmak mümkinçiligi hem ýokarlanýar. Hut şonuň üçin-de howpsuzlyk kemerini dakynmak zerurlygy döreýär.

    Howpsuzlyk kemeriniň talabalaýyk peýdalanylmagy ulagyň öň tarapyndan bolan çaknyşykda sürüjiniň ölüm howpuny 2,3 esse, gapdal çaknyşykda 1,8 esse, rulda bolsa 5 esse azaldýar. Howpsuzlyk kemerleriniň awiasiýada eýýäm 100 ýyldan, awtoulaglarda bolsa ýarym asyrdan gowrak wagt bäri ulanylyp gelýändigini bellemek gerek. Awtoulag kärhanalary önümçilikde kemerlerim has-da kämilleşdirdiler. Ozal bu ugurda howpsuzlyk kemerleri hökmünde inertiýa kemerleri bolan bolsa, häzirki wagta çenli olar içerki howa ýassygy bilen döwrebaplaşdyrylyp, juda oňaýly görnüşde özgerdildi.

    Kanun awtoulagyň ýolagçylarynyň ählisiniň jany üçin umumy jogapkärçiligi sürüjiniň üstüne ýüklenilýändigini belleýär.

    Kanun bozulmalar üçin sürüjä şu hili çäreler görlüp bilner:

    • Administratiw jerime;
    • Eger ýol ulag heläkçiliginde howpsuzlyk kemerini dakmadyk ýolagçy aradan çykan halatynda sürüji jenaýat jogapkärçiligine çekilýär.

    Şeýlelik bilen, howpsuzlygyň diňe yzygiderli we talabalaýyk berjaý edilen ýagdaýynda täsirlidigini bellemeli. Şonuň üçin her bir sürüji we ýolagçy ulaga münen mahalynda howpsuzlyk kemerini dakynmaga endik etmelidir.

    Meňzeş habarlar