• tk
  • en
  • ru
  • Türkmenistanda sürüjilik okuwlarynyň synaglarynda dalaşgärlere bildirilýän talaplar

    Sürüjilik şahadatnamasyny almak üçin tabşyrylýan synaglara taýýarlyklar nazary we amaly bilimlerden başlanýar. Awtomobil mekdebinde okuwlary geçmek — bu babatda sürüjileriň taýýarlygynyň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilip, sürüjilik şahadatnamasyna eýe bolmak üçin zerur basgançakdyr.

    Ýol hereketiniň düzgünlerine we ulag serişdeleriniň sürüjilerine bildirilýän talaplara, şeýle-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Kararyna (24.12.2021ý. senedäki №44 belgili) görä synag döwründe synag alynýan öwrenijilerden edilýän talaplaryň aýratynlyklary bilen tanyş bolalyň:

    Nazaryýet synagy geçirilende:

    1. Sürüjilige dalaşgär tarapyndan bilimler barlanýar:
    • Okuw meýilnamalary we ÝHD-niň maksatnamasy, ulag serişdeleriniň sürüjiligine deslapky taýýarlyk;
    • Ulag serişdesini ulanyşa goýbermekde esasy ýagdaýlar;
    • Türkmenistanyň ýol hereketi bilen bagly kanunçylygy, şeýle-de ulag serişdeleriniň sürüjileriniň jenaýat hem-de raýatlyk jogapkärçiligi;
    • Ýol-ulag hadysasynda ejir çeken şahslara ilkinji kömegi ýetirmegiň düzgünleri;
    1. Synag tabşyrýandan edilýän talaplar:
    • Lukmançylyk taýdan bellenen näsaglyk görkezmeleri ýa-da ulag serişdelerini dolandyrmagyň çäklendirmesi bolmaly däldir;
    • Ähli okuw sapaklary boýunça oňyn netije bahalary bolmaly;
    • Okuwlaryň kesgitlenen tölegini doly derejede tölemel

      Sürüjilige dalaşgärler öz şahsy işlerinde zerur bolan resminamalary doly we dogry doldurmalydyrlar, aýratyn-da şu resminamalar bolmalydyr: arza, pasport ýa-da ony çalşyryjy resminama (asyl nusgasy we nusgasy), saglyk ýagdaýy barada kepilnama, 3x4 ölçegli iki sany reňkli fotosurat, bir ýa-da birnäçe topara degişli ulagy dolandyrmaga hukugynyň bolmagy, başga bir topar boýunça sürüjilik okuwlaryny okaýanlar üçin ozalky bar bolan sürüjilik şahadatnamasynyň nusgasy.

      «D» hem-de «E» toparlara degişli bolan ulag serişdelerini dolandyrmagyň sürüjilik şahadatnamasyny almak üçin sürüjilik iş tejribesini tassyklaýan zähmet depderçesiniň nusgasy hökmandyr («B», «C» derejesi bilen haýsydyr bir kärhanada işlemedik ýagdaýynda ýa-da «D» derejä degişli ulaglary dolandyrmak hukugyny tassyklaýan sürüjilik şahadatnamasynyň göçürmesi; görkezilen şahsy ulagyň hasaba alnandygy baradaky şahadatnama).

      «A» dereje üçin synag tabşyrýanlar (motosikl, motoroller, moped) 18 ýaşdan soň awtoulag okuwlaryny geçip synag tabşyryp bilýärler; «B» dereje üçin hem (3500 kg-dan agyr bolmadyk awotulaglar) 18 ýaşdan; «C» dereje (3500 kg-dan agyr bolan ulaglar) we «D» dereje (kiçi awtobuslar) üçin 19 ýaşda, şeýle-de dalaşgär trolleýbus hem-de tramwaý dolandyrmak isleýän bolsa 20 ýaşdan uly bolmalydyr.

    Meňzeş habarlar