• tk
  • en
  • ru
  • Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň Daşoguz welaýat şahamçasy sürüjilik okuwlaryna çagyrýar

    «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Awtomobil mekdepleriň birleşigi ýurduň raýatlaryny taýýarlyk we gaýtadan taýýarlyk okuwlaryny geçmäge çagyrýar.

    Bu ýerde geçirilýän taýýarlyklara we gaýtadan taýýarlyklara ýazylmak adaty görnüşde hem-de onlaýn alnyp barylýar. Munuň üçin bolsa Awtomobil mekdepleriň birleşiginiň resmi saýtynda hasaba alynmaly we degişli öýjüklere maglumatlary girizmeli.

    Okuwlaryň möhleti 2 aýdan 3 aýa çenli bolup, sapaklar öwrenijileriň isleglerine görä irden hem-de agşam geçilýär. Tölegleriň bank kartlary arkaly kabul edilýändigini hem bellemek gerek.

    Awtomobil mekdepleriň birleşiginde amalyýet okuwlary öwrenijiler bilen dürli kysymly ulag serişdelerinde geçirilýär. Öwrenijilere geçilýän okuwlar tamamlanandan soň, olara «А», «В», «С», «D», «E» derejeli sürüjilik şahadatnamalary gowşurylýar.

    Aşgabat şäheriniň Awtomobil mekdebiniň salgysy: Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýoly, 424-nji jaý. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: +993 (12) 44 33 19, +993 (12) 44 33 20. Elektron poçta salgysy: info@awtomekdep.edu.tm.

    Ýeri gelende belläp geçsek, Awtomobil mekdepleriň birleşiginiň Mary, Türkmenabat, Türkmenbaşy, Balkanabat, Daşoguz şäherlerinde, şeýle-de Ahal welaýatynyň çäginde şahamçalary hereket edýär.

    Meňzeş habarlar