• tk
  • en
  • ru
  • Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna harby we hukuk goraýjy edaralaryny ösdürmek boýunça 7 ýyllyk meýilnamany işläp düzmek tabşyryldy

    5-nji maýda Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi geçirildi. Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralary ösdürmek boýunça 2022 — 2028-nji ýyllar üçin 7 ýyllyk meýilnamany gysga wagtyň içinde işläp taýýarlamagy we tassyklamak üçin hödürlemegi tabşyryldy. Bu babatda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe anyk görkezmeler berildi.

    «TDH» Döwlet habarlar agentliginiň habar berşi ýaly, döwlet Baştutanymyz  harby we hukuk goraýjy edaralaryň işlerini has-da döwrebap derejede guramak, olary dünýäniň öňdebaryjy tejribeleri esasynda mundan beýläk-de ösdürmek üçin uzak möhletli meýilnamalary kabul etmegiň zerurdygyny belledi.

    Hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etmek bilen, meýilnamalar kabul edilenden soňra olarda göz öňünde tutulan wezipeleriň we çäreleriň üstünlikli ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny belledi.