• tk
  • en
  • ru
  • Türkmenistanyň Prezidenti ildeşlerimizi Oraza baýramy bilen gutlady

    2-nji maýda Türkmenistanda ähli musulmanlar üçin mukaddes baýramçylyk bolan Oraza baýramy giňden bellenildi. Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny ynsanperwerligiň we hoşniýetliligiň belent ýörelgelerini özünde jemleýän baýram bilen tüýs ýürekden gutlady.

    Döwlet Baştutanymyzyň gutlag hatynda Oraza baýramynyň ähmiýeti we türkmen halkynyň durmuşyndaky aýratyn orny hakynda durlup geçilýär. Gutlagda nygtalyşy ýaly, Oraza baýramy agzybirligimizi hem-de jebisligimizi pugtalandyrýan baýram hökmünde milli senenamamyzda aýratyn orun tutýar.

    «Gudraty Güýçli Beýik Allatagalanyň birligine uýýan, hoşniýetliligi, dost-doganlygy mukaddes ýörelgä öwren türkmen halky asylly işleriň, beden we ruhy taýdan päklenmegiň keremli aýy hökmünde Oraza aýyna, rehim-şepagatlylygyň gijesi bolan mübärek Gadyr gijesine uly hormat goýýar. Ähli döwürlerde bolşy ýaly, mukaddes Oraza aýynda parz we wajyp ýörelgelerden ugur alnyp, agzy beklendi, Aşgabat şäherindäki «Hezreti Omar» metjidinde, Mary welaýatyndaky Gurbanguly hajy metjidinde, Balkan, Daşoguz, Lebap welaýatlarynyň baş metjitlerinde tagat-ybadatlar berjaý edildi. Beýik Allatagalanyň mukaddes kitaby bolan Gurhany Kerime uýlup, juma we tarawa namazlary okalyp, Watanymyzyň abadançylygy, rowaçlygy, rysgal-berekediniň artmagy, ýurdumyzyň dünýä ýüzündäki şan-şöhratynyň belende göterilmegi üçin aýat-töwirler, alkyş-dilegler edildi. öten-geçenleri ýagşylykda ýatlamak, hatyra dessurlaryny berjaý etmek ýaly nesilleri birleşdirýän we jebisleşdirýän asylly ýörelgelerimizden ugur alnyp, eziz Watanymyzyň ösmegine, parahat, abadan durmuşynyň esaslarynyň pugtalandyrylmagyna mynasyp goşant goşan beýik şahsyýetlerimiziň ýagty ýadygärligine hormat goýuldy» – diýip  Döwlet Baştutanymyz öz gutlagynda belleýär.

    Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, bu wakalar eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda yhlasly zähmet çekýän, döredýän, gurýan halkymyzyň agzybirligini has-da pugtalandyrýar, nesillerde ynsanperwerlik, watançylyk duýgularyny terbiýeleýär, üstünliklere, rowaçlyklara ruhlandyrýar.

    Gutlagynyň ahyrynda mübärek Oraza aýynda amal edilen tagat-ybadatlaryň, öten-geçenlerimiziň ruhuny ýatlap berlen agzaçar sadakalarynyň, okalan aýat-töwirleriň, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň abadançylygynyň, bütin adamzadyň bagtyýar hem parahat durmuşynyň hatyrasyna edilen dilegleriň, arzuw-umytlaryň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny umyt etmek bilen, Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ildeşlerimize berk jan saglygyny, uzak ömür, bagt we maşgala abadançylygyny arzuw etdi.

    Oraza baýramy musulmanlaryň bir aýyň dowamynda agyz bekleýän Remezan (Oraza) aýynyň tamamlanandygyny aňladýar. Türkmenistanda Oraza baýramy milli baýram hökmünde 1998-nji ýyldan bäri bellenilýär.